ÝB, Ukraina we Moldowa Bilen Agzalyk Gepleşiklerine Başlaýar

Agzalyk gepleşikleri 25-nji iýunda başlar

2153236
ÝB, Ukraina we Moldowa Bilen Agzalyk Gepleşiklerine Başlaýar

ÝB, Ukraina we Moldowa bilen agzalyk gepleşikleriniň 25-nji iýunda başlajakdygyny mälim etdi.

ÝB-niň döwürleýin ýolbaşçysy Belgiýa tarapyndan berlen ýazmaça beýannamada, agza ýurtlaryň ilçileri derejesinde geçirlen maslahatda Ukraina we Moldowa bilen agzalyk gepleşikleriniň başlamagy boýunça kararyň kabul edilendigi nygtaldy.

Beýannamada, ilkinji hökümetara konferensiýanyň 25-nji iýunda geçiriljekdigi nygtaldy.

Konferensiýanyň 25-nji iýunda ÝB-ne agza ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň maslahatynyň çäginde Luksembugrda geçiriljekdigi nygtaldy.

Ukraina bilen Moldowa, Russiýanyň Ukraina garşy başladan hüjüminden soň ÝB-ne agza bolmak üçin ýüz tutupdy.

Iki ýurt 2022-nji ýylyň 23-nji iýunynda dalaşgärlik statusyny alypdy we agzalyk gepleşikleriň başlamagy baradaky karar 2023-nji ýylyň 23-nji dekabrynda kabul edilipdi.

ÝB Komissiýasy, geçen hepde iki ýurduň agzalyk gepleşikleriň resmi taýdan başlamagy üçin ähli kadalary ýerine ýetirendigini mälim edipdi.

 


Etiketkalar: #Ukraina , #ÝB , #agzalyk , #Moldowa

Degişli Habarlar