Islandiýa ÝB-ne agza bolmakdan ýüz öwürdi

Islandiýa ÝB-ne agza bolmak üçin eden ýüz tutmasyny yzyna aldy

261666
Islandiýa ÝB-ne agza bolmakdan ýüz öwürdi

Islandiýa 6 ýyl ozal ÝB-ne agza bolmak üçin eden ýüz tutmasyny yzyna aldy.
Islandiýanyň Daşary işler ministri Gunnar Sweinsson hökümetiň kararyny Islandiýada-da saparda bolan ÝB-niň Döwürleýin ýolbaşçylygyny ýerine ýetirýän Latwiýanyň Daşary işler ministri Edgars Rinkewine resmi hat arkaly gowşurandygyny aýtdy.
Daşary işler ministrligi tarapyndan berlen ýazmaça beýanatda “Hökümet Islandiýany indi dalaşgär ýurt hökmünde görmeýär we mundan soň ÝB-niň kararymyza sarpa goýmagyny talap edýäris” diýildi.
Agzalyk üçin 2009-njy ýylyň 16-nji iýulynda ýüz tutan Islandiýa agzalyk gepleşiklerine bir ýyl soň başlapdy.
2013-nji ýylda geçirlen umumy saýlawlarda ÝB-ne agzalyk etabyna garşy çykýan Garaşsyzlyk partiýasy bilen Öňe gidişlik partiýasynyň üstünlik gazanyp şäriklik hökümetini gurmagy bilen ýagdaý üýtgedi.
2013-nji ýylyň 13-nji sentýabrynda agzalyk gepleşiklerini saklan Islandiýa ÝB-ne agza ýurtlaryň eden tagallalaryna garamazdan kararyndan ýüz öwürmedi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar