Ukraina üçin ot açyşlygyň bes edilmegi barada çagyryş berildi

Ýewropada Howpsyzlyk we hyzmatdaşlyk guramasy ot açyşlygyň bes edilmegi barada çagyryş berdi

214081
 Ukraina üçin ot açyşlygyň bes edilmegi barada çagyryş berildi

Ýewropada Howpsyzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň üçlügi Ukrainada başdan geçirilýän wakalar sebäpli gyssagly ýagdaýda ot açyşlygyň bes edilmegi barada çagyryş berdi.
Germaniýanyň Mýunhen şäherinde geçirlen Howpsyzlyk konferensiýasynyň çäginde üçlügi emele getirýän Germaniýanyň, Şwesiýanyň we Serbiýanyň daşary işler ministri Ukraina meselesini ara alyp maslahatlaşdy.
Serbiýanyň Daşary işler ministri İwiça Daçiç, Şwesiýanyň daşary işler ministri Didier Burkhalter we Germaniýanyň Daşary işler ministri Frank Walter Steinmeier Ukrainada başdan geçirilýän soňky wakalar sebäpli taraplara “gepleşik stoluna oturmaklary we duşmançylykly syýasatlaryndan ýüz öwürmekleri” çagyryşyny berdi.
Ministrler Ukrainadaky çaknyşyklara alada bildirýändiklerini, asuda ilatyň ýaşaýan etrapçalarynda agyr ýaraglaryň ulanylmagyny we harby operasiýalary ýazgarýandyklaryny bellediler.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar