Jon Kerri Ukraina bardy

Kerri Russiýa bilen çaknyşmak islemeýändiklerini emma, rus tanklarynyň we esgerleriniň Ukraina girmegini hem kabul edip bilmejekdiklerini aýtdy

212457
Jon Kerri Ukraina bardy

ABŞ-nyň Ukraina ýarag kömegine bermegine Ýewropa oňyn garamaýar.
ABŞ-nyň Döwlet sekretary Jon Kerrini kabul eden Ukrainanyň Prezident Poroşenko resmi Waşingtondan agyr ýarag kömeginiň berilmegini isledi.
Kerri Russiýa bilen çaknyşmak islemeýändiklerini emma, rus tanklarynyň we esgerleriniň Ukraina girmegini hem kabul edip bilmejekdiklerini aýtdy.
Sebitde ynjyk döwrüň başdan geçirilýändigine ünsi çeken Kerri Russiýa ot açyşlygyň gyssagly bes edilmegi çagyryşyny berdi.
Russiýany hüjüm ediji syýasaty sebäpli tankyt eden Kerri, Ukraina ýarag kömeginiň berilmegi barada bolsa garaýyş beýan etmedi.
Fransiýanyň Prezidenti Olland bolsa Ukrainanyň NATO agzalygyna we Ukraina ýarag kömeginiň berilmegine oňyn garamaýandygyny aýtdy.
Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel hem Ollandyň garaýşyna goldaw berýär.
İki lider şu gün Ukrainada, ertir hem Moskwada saparda bolar.

 

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar