Eýranda ýer titredi

Eýranda 5,3 bala barabar ýer titremesi boldy. Çekilen ýitgi barada maglumat bolmadyk sebitde adatdan daşary kömek toparlary taýarlyklaryny tamamlady

165043
Eýranda ýer titredi

Ýer titremesi Eýranyň günorta günbataryndaky Buşehr welaýatynyň Şonbeh şäherinde boldy. Tähran uniwersitetiniň Geofizika institutynyň Seismologiýa merkezi ýer titremesiniň ýeriň 10 kilometr aşagynda we güýç merkeziniň Şonbeh şäherinden 25 kilometr alysdadygyny beýanat etdi.
Seismologiýa merkezi ýurduň belli ýadro desgalaryndan biri bolan “Buşehr ýadro bekediniň” ýerleşýän welaýatynyň Şonbeh şäherindäki sarsgyndan soň, şol welaýatynyň Buşkan şäherinde-de 4,4 bala barabar ýer titremesiniň blandygyny habar berdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar