Harby enjamlaryň 65 göterimi ýok boldy…

Ukrainanyň Prezidenti Petr Poroşenko Russiýanyň tarapdarlary bilen bäş aýa golaý wagt bäri dowam edýän çaknyşykda harby enjamlarynyň 65 göterimini ýitirendiklerini aýty

134180
Harby enjamlaryň 65 göterimi ýok boldy…

Ukraina meselesiniň diňe harby ýollardan çözülmeginin mümkin däldigini nygtan Poroşenko, Russiýanyň tarapdarlary bilen ylalaşyk gazanylyp bilinmän halatynda Ukrainanyň özüni goramaga taýar bolmalydygyny aýtdy.
Poroşenko Ukrainanyň teleýaýlymynda berilen interwýusynda parahatçylygyň ýola goýlyp bilinmezlik ähtimallygy sebäpli harby goşunyň güýçlendirilmelidigini nygtady.
Geçen hepde ABŞ-na we Kanada guran saparynyň dowamynda täze harby enjamlar üçin özüne söz berilendigini aýdan Poroşenko, bar bolan ýaraglaryň esasy bölegini Russiýanyň tarapdarlary bilen çaknyşyklarda gutarandyklaryny kabul etdi.
“Ukrain esgeri näçe köpelse, şonça-da rus esgeri geler” diýen Petr Poroşenko, meseläniň diňe harby ýollardan çözülip bilinmejekdigine ünsi çekdi.
Poroşenko meseläniň çözülmegi boýunça Premýer ministr Arseni Ýatsenýuk bilen aralarynda düşnüşmezligiň bardygy hakyndaky habarlaryň hakykaty beýan etmeýändigini aýtdy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar