Ebola sebäpli Günbatar Afriakda 2600 adam ýogaldy

Hassalygyň ýaýbaňlaşmagynyň öňüni almak maksady bilen 3 gün köçä çykmak gadagan edildi

134190
Ebola sebäpli Günbatar Afriakda  2600 adam ýogaldy

Ebola sebäpli Günbatar Afriakda ýogalanlaryň sany 2600 adamdan geçdi.
Hassalyga duçar bolanlaryň sany 3 hepde-de 2 esse köpeldi.
Sierra Leonada hassalygyň ýaýbaňlaşmagynyň öňüni almak maksady bilen 3 gün köçä çykmak gadagan etdi.
6 million ilaty bolan ýurtda 3 günüň dowamynda saglygy saklaýyş we howpsuzlyk işgärlerinden daşary köça çykmak gadagan edildi.
Emma 3 günde 56 adam hassalyga duçar boldy.
Köçä çykmak gadagançylygynyň ilkinji 2 gününde 92 adam ýogaldy, ýolbaşçylar öýleri ýeke-ýekeden aýlanyp ýogalanlaryň sanyny anyklamaga çalyşýar.
Köçä çykmak gadagançylygynyň möhlediniň uzadylyp bilinjekdigi nygtalýar.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar