Sanjym edilen 20 çaga ýogaldy

Siriýada BMG-nyň Çagalar gaznasy UNİSEF we Bütindünýä saglygy saklaýyş guramasy tarapyndan goldanýan kampaniýanyň äginde sanjym edilen azyndan 20 çaganyn ýogalandygy habar berildi

128634
Sanjym edilen 20 çaga ýogaldy

Oppozisionerler tarapyndan gurlan wagtlaýyn hökümetiň saglygy saklaýyş ministrliginiň ýolbaşçylaryndan alynan maglumata laýyklykda İdlib şäheriniň dürli etraplarynda dowam etdirilýän we 1,5 million çaganyň sanjym edilmegini göz öňünde tutýan gyzamyk sanjymynda 1-5 ýaş aralygyndaky 20-den gowrak çaga sanjymdan 15 minut soň ýogaldy.
Ölümleriň sebäbiniň laboratoriýadaky seljeriş işleriniň netijesine görä belli boljakdygy habar berildi.
Saglygy saklaýyş ministrligi sanjym kampaniýasynyň bes edilmegi we degişli barlaglaryň geçirilmegi barada karar kabul etdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar