ÝB düşünşip bilmedi

ÝB Ukraina sebäpli Russiýa goşmaça sanksiýalary güýje girizmek barasynda ylalaşyp bilmedi

121410
ÝB düşünşip bilmedi

Bileleşige agza 28 ýurduň ilçileri Russiýanyň nebit we bankçylyk pudagyna goýuljak goşmaça sanksiýalaryň durmuşa geçirilmegi boýunça düýn Brýusselde pikir alyşdylar.
Germaniýa sanksiýalaryň dessine güýje girizilmegini isleýär.
Beýleki käbir ýurtlar bolsa Ukrainada gazanylan ylalaşygy tutaryk edinip, belli bir möhlet garaşmagyň tarapynda durýandyklaryny beýan edýär. Emma şol ýurtlaryň haýsylardygy mälim edilmedi.
Diplomatik çeşmeler Russiýa bilen ýakyn gatnaşyk edýän İtaliýa, Awstraliýa, Finlandiýa ýaly ýurtlaryň goşmaça sanksiýalara sowuk-sala çemeleşýändigi nygtalýar.
Sanksiýalaryň durmuşa geçirilmegi baradaky karar boýunça ilçiler şu gün ýaňadandan jemlenşerler.
Russiýanyň Gazprom açyk paýdarlar jemgyýeti, Rosneft, Transneft firmalary bilen goranmak pudagynda iş alyp barýan rus firmalarynyň käbir döwlet banklary we adamlar bilen iş gatnaşygyny gadagan edýän goşmaça sanksiýalaryň güýje girmegi üçin ÝB-niň resmi gazetinde çap edildi.
Russiýa bolsa sanksiýalara tebigy gaz üpjünçiligi bilen hemle atýar.
Polşa Russiýadan gelýän gazyň 20 göterim azalandygyny habar berdi. Germaniýa akdyrylýan gazyň hem mukdarynyň azaldygy nygtalýar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar