Siriýada guralan hüjümlerde 64 adam ýogaldy

Asada tabynlykdaky güýçler agyr ýaraglar bilen hüjüm gurady

108688
Siriýada guralan hüjümlerde 64 adam ýogaldy


Siriýada Başar Asada tabynlykdaky güýçleriň ýurduň çar tarapynda oppozisionerleriň gözegçiligi astyndaky ýerlere agyr ýaraglar bilen guran hüjüminde 64 adam ýogaldy.
Siriýanyň Adam hukuklary guramasy tarapyndan berlen beýanatda Asada tabynlykdaky güýçleriň oppozisionerleriň gözegçiligi astyndaky ýerlere gury ýerden we howadan agyr ýaraglar bilen guran hüjümlerinde paýtagt Damaskyň çetki etraplarynda 24, Halap şäherinde 20, Derada 7, Hamada 4, Rakkada 3, İdlibde 3, Homusda 2 we Lazkiýe şäherinde 1 bolmak bilen jemi 64 adamyň ýogalandygy nygtaldy.
Beýleki tarapdan Siriýanyň resmi habarlar gullugy SANA howpsuzlyk güýçlerine esaslanýan habarynda ýaragly güýçleriň Hama, Halap, İdlib şäherlerinde we paýtagt Damaskyň çetki etraplarynda guran operasiýalarynda köp sanly ýaragy topary täsirsiz ýagdaýa getirendigini habar berdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar