Gaza guralan hüjümlerde 1980 adam ýogaldy

10 müň 196 adam bolsa ýaralandy

93009
Gaza guralan hüjümlerde 1980 adam ýogaldy

Ysraýylyň Gaza guran hüjümlerinde ýogalanlaryň sany 1980 adama ýetdi. Ýaralananlaryň sany bolsa 10 müň 196 adama çenli baryp ýetdi.
Palestinanyň hökümetiniň saglygy goraýyş ministrligi tarapyndan berlen beýanatda, ýogalan palestinalylardan 470-niň çaga, 343-niň hem zenandygy nygtaldy.
Beýleki tarapdan Türkiýeden Gaza berilýӓn kömekler hem dowam edýӓr.
Bütin dünýӓ lukmanlar we Saglygy saklaýyş ministrligine degişli topar Gazadaky hassanalarda barlag geçirýӓr.
Toparda hüjümlerde ýaralanan palestinalylardan bejeriş üçin Türkiýӓ getiriljekleri anyklaýar


Etiketkalar:

Degişli Habarlar