Gaza guralýan gury ýer hüjümleri dowam edýär

Gury ýer hüjümleriniň azyndan 2 hepde dowam etjekdigi nygtaldy

63974
Gaza guralýan gury ýer hüjümleri dowam edýär

Ysraýylyň ýaragly güýçleri tarapyndan guralýan gury ýer hüjümleri dowam edýär.
Howa we deňiz güýçleri hem gury ýer hüjümlerine goldaw berýär.
Gury ýer hüjümleriniň azyndan 2 hepde dowam etjekdigi nygtaldy.
Hamas hazire çenli 1500-den gowrak roketa bilen Ysraýylyň bombaly hüjümlerine garşylyk görkezdi.
Gaza giren Ysraýylyň gury ýer güýçleri anyklanan tünelleri Hamaslylary tapmak üçin ulanýar.
Ysraýyl hazire çenli 17 ekstremistiň öldürlendigini aýan etdi.
Gazada Şifa keselhanasyna getirilýän ýaralananlaryň sany barha köpelýär.
Lukmanlar derman ýetmezçiligini başdan geçirýär.
Günbatar Şeriýadaky palestinalylar hem Gazada ýogalan doganlary üçin gijäni köçelerde geçirdi.
Al Halilde geçirlen ýörişde “Halkara jemgyýetçiligi sen nirede? Ynsanlaryň wijdanyna näme boldy? Ysraýyl basyp alyjy we terrorist” diýlen şygarlar aýdyldy.
Ysraýylly esgerler Beýtullahimde geçirlen ýörişe berk garşylyk görkezdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar