TBMM-nyň başlygy Mustafa Şentop Ilham Aliýew tarapyndan kabul edildi

Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň (TBMM) başlygy Mustafa Şentop, Türkiýäniň Azerbaýjanyň hakly dawasynda ýanynda boljakdygyny nygtady

1511920
TBMM-nyň başlygy Mustafa Şentop Ilham Aliýew tarapyndan kabul edildi

Parlament wekiliýeti bilen birlikde resmi sapar bilen Azerbaýjana baran TBMM-nyň başlygy Mustafa Şentop, Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew tarapyndan kabul edildi.

Mustafa Şentop, duşuşykda Azerbaýjan bilen Türkiýäniň arasyndaky dostlugyň taryhy esasy bolan we nesip bolsa mundan soň hem dowam etjek hemişelik we güýçli bir dostlukdygyny belläp: "Türkiýe Azerbaýjanyň hakly dawasynda ýanynda bolar. Azerbaýjan haçan goldaw islese ýanynda bolmaga we goldaw bermäge taýardyrys" diýip habar berdi. 

Ilham Aliýew duşuşykda TBMM-nyň başlygy Mustafa Şentopyň we parlamentiň agzalarynyň bular ýaly adatdan daşary ýagdaýda Azerbaýjana sapar guramaklarynyň özleri üçin möhümdiginii we manylydygyny belläp, taryh boýunça dowam eden gowy gatnaşyklary "Bir millet iki döwlet" düşünjesi bilen has özgertmäge dowam etjekdiklerini beýan etdi. 

Duşuşykda Prezident Rejep Taýýip Erdogan başda bolmak bilen TBMM-nyň başlygy Mustafa Şentopa, parlamentiň agzalaryna we türk milletine berýän goldawlary üçin minnetdarlyk bildiren Aliýew: "Ermenistanyň hüjümleriniň başlan pursadyndan başlap, eziz doganym Rejep Taýýip Erdoganyň, TBMM-nyň başlygy siziň, Türkiýäniň Daşary işler ministriniň we Milli Goranmak ministriniň beýanatlary, bütin dünýä anyk bir ýüzlenme boldy. Siziň üstüňiz bilen eziz doganym Rejep taýýip Erdogana we türk milletine salamymy ugradýaryn" diýip nygtady. 

Mustafa Şentop, Baku guran saparynyň çäginde şeýle hem Azerbaýjanyň Mejlisiniň başlygy Sahibe Gafarowa bilen hem duşuşyk geçirdi. 

Azerbaýjanyň Milli mejlisinde geçirilen ikiçäk duşuşykdan soň wekiliýetleriň arasynda gepleşikler geçirildi. 



Degişli Habarlar