Prezident Erdogan Ukrainanyň Mejlisiniň başlygyny kabul etdi

Prezident Rejep Taýýip Erdogan Ukrainanyň Mejlisiniň başlygy Ruslan Stefançuky kabul etdi

2140131
Prezident Erdogan Ukrainanyň Mejlisiniň başlygyny kabul etdi

Ýurduň paýtagty Ankara şäherindäki Prezidentiň kompleksinde metbugata ýapyk häsýetde geçen kabul edilşige, Türkiyäniň Beýik Millet Mejlisiniň başlygy Numan Kurtulmuş hem gatnaşdy. 

Düýn bolsa Türkiyäniň daşary işler ministri Hakan Fidan Ukrainanyň Mejlisiniň başlygy Ruslan Stefançuk we ýanyndaky wekiliýet bilen duşyşyk geçiripdi. 

Türkiyäniň Beýik Millet Mejlisiniň başlygy Numan Kurtulmuş hem Ukrainanyň Mejlisiniň başlygy Ruslan Stefançuk bilen duşuşyk geçiripdi. 



Degişli Habarlar