TBMM-nyň başlygy Şentop Azerbaýjana sapar gurar

Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň (TBMM) başlygy Mustafa Şentop we ýanyndaky wekiliýet 18-20-nji oktýabr aralygynda Azerbaýjana sapar gurar

1510374
TBMM-nyň başlygy Şentop Azerbaýjana sapar gurar

TBMM tarapyndan berilen beýanata görä, Mustafa Şentop Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewiň çakylygyna laýyklykda bu ýurda resmi sapar gurar. 

Saparyna Azerbaýjan Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni bolan 18-nji oktýabrda başlajak Mustafa Şentop, 19-njy oktýabrda Prezident Ilham Aliýew tarapyndan kabul ediler. Şol gün köp sanda resmi duşuşyk geçirjek Şentop, 20-nji oktýabrda bolsa Azerbaýjanyň Milli mejlisinde çykyş eder. 

Mustafa Şentop, doganlyk ýurt Azerbaýjana iki günlik resmi sapar gurajakdygyny aýdyp: "Baku gurajak saparymda Türkiýäniň goldawyny bilelikde getirendigimizi we Azerbaýjanyň bizden haçan we haýsy mesele boýunça goldaw sorasa gerek bolan ähli zady etmäge taýardygymyzy ýene-de bir gezek belläp geçeris. Bir millet iki döwlet hökmünde meselelerimiz we şatlyklarymyz umumydyr. Sebitde parahatçylygyň, asudalygyň, adaladyň we halkara hukugyň ýörelgeleriniň berjaý edilmegi, Türkiýäniň ýeke täk maksadydyr" diýip belledi. 



Degişli Habarlar