Kilisiň Nobel parahatçylyk baýragyna dalaşgärligi

Kilis Nobel parahatçylyk baýragyna dalaşgärlige hödürlendi

458586
Kilisiň Nobel parahatçylyk baýragyna dalaşgärligi


Türkiýäniň Siriýa serhedinde ýerleşýän Kilis şäheri, öz ilatyndan has köp siriýaly bosguna 4 ýyldan gowrak wagt bäri ýer eýeçiligini edýär. Şäheriň medeniýetiniň, ykdysadyýetiniň, infstrukturasynyň we şäher häkimliginiň berýän hyzmatlarynyň dolulygyna üýtgetmegine sebäp bolan göç tolkunynyň hötdesinden gelen ýerli halky, ýolbaşçylary we jemgyýetçilik guramalary bilen birlikde siriýaly goňşylary üçin elinden geleni edýär. Uly adamkärçilik synagyndan üstünlikli ýagdaýda geçen Kilis şu ýyl Nobel parahatçylyk baýragyna dalaşgärlige hödürlendi.

“Dünýäde parahatçylyk üçin köpçülikleýin aksiýada şeýle mysal ýok bolsa gerek”

2015-nji ýylyň ahyrynda ilaty 106 müň 293 bolan Kilis, şu günki günde 120 müňden gowrak siriýaly bosguny myhman alýar.

Sakarýa halk deputaty Aýdan Sefer Üstün tarapyndan taýarlanan Kilisiň Nobel parahatçylyk baragyna dalaşgärligi baradaky ýüz tutmada Nobel komitetiniň agzalaryna şeýle ýüzlenilýär “Nobel komitetiniň gadyrly agzalary, ilaty 2,5 milliona golaý Pariž şäheriniň merkezine söweşden gaçan 2,5 million bosgun gelen bolsady nämeleriň başdan geçiriljekdigi hakynda pikirlenip görüň. Ýada 3 milliondan gowrak ilaty bolan London şäheriniň merkezine söweşden ýada tebigy apatlardan gaçan 3 million adam gelen bolsa nähili bolardy. Eýsem iňlisler näme barada pikir ederdi. Ýada siz komitetiň gadyrly agzalary Oslonyň 1 milliondan gowrak ilatyna goşmaşa 1 million bosgun gelen bolsa näme ederdiňiz. Siziň garaýyşlaryňyz we çydamlylygyňyz nähili bolardy. Emma Kilisde garaşylýanyň tersine ynsanlar iş ýerlerini, öýlerini, söwda merkezlerini we dynç alyş ýerlerini paýlaşdy we paýlaşýar. Dünýäde parahatçylyk üçin köpçülikleýin aksiýada şeýle mysala gabat gelmek kyn bolsa gerek”.

“Siriýaly bosgunlar üçin uly işleri durmuşa geçiren türk şäheri Nobel parahatçylyk baýragyna dalaşgärlige taýar”.

Kilisde jemgyýetçilik guramalar, ýerli halk we häkimlik söweş sebäpli Kilise gelen siriýalylar üçin dürli kurslary açdylar. Siriýaly çagalar üçin hem dürli çäreler geçirilýär. Kilis uniwersitetiniň talyplary şol çärelere meýletin ýagdaýda goldaw berýär. Saglygy goraýyşdan, bilim ýaly siriýaly myhmanlara berilýän tölegsiz hyzmatlara çenli daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde uly beýan tapan çäreler, şäheriň Nobel parahatçylyk baýragyna dalaşgärligine berilýän halkara goldawyň artmagyna uly goşant goşýar.

Soňky gezek ABŞ-nyň Döwelt sekretarlygynyň Ilat, göç we bosgun merkezi Kilisiň siriýaly bosgunlar üçin şu günki güne çenli durmuşa geçiren işleri sebäpli Nobel parahatçylyk baýragyna dalaşgärlige taýardygyny gürrüň berýän “Siriýaly bosgunlar üçin uly işleri amala aşyran türk şäheri Nobel parahatçylyk baýragyna dalaşgärlige taýar” söz başyly makala resmi Twitteri arkaly ýer berdi we Kilise goldaw berdi.

Siriýada içerki urşuň başlamagy bilen ýurtlaryny terk etmäge mejbur bolan siriýalylar üçin Türkiýe, bosgunlary kabul eden esasy ýurt boldy. 9 milliard dollardan gowrak serişdäni bosgunlar üçin ulanan Türkiýede şu gün 2 million 734 müňe golaý siriýaly bosgun ýaşaýar. Bosgunlaryň 283 müňe golaýy olar üçin gurlan döwrebap 26 watlaýyn bosgun düşelgelerinde ýaşaýar. Kiçi şäheri ýada salýan şol bosgun düşelgelerinde mekdep, çagalar bagy we söwda merkezleri, sport meýdançalary, kurslar ýer alýar. Şol düşelgeleriň iň ulylaryndan biri Kilisiň Önjüpynar etrapçasynda ýerleşýär 2012-nji ýylda bosgun düşelgesine gelip gören BMG-nyň Bosgunlar boýunça ýokary komisary Antonio Guterres bosunlara edilýän ýokary hyzmatyň her ýerde durmuşa geçirilmegi üçin arkalaşyk we goldaw çagyryşyny beripdi.

Guteres bilen birlikde bosgun düşelgesine gelip gören BMG-nyň ýagşy niýetli ilçisi Angelina Joli hem hiçbir ýerde şeýle gowy düşelge görmändigini nygtap “ maşgalalar we çagalar türk halkyna we hökümetine minnetdarlyk bildirýär, ýurtlaryny terk etmeli bolan maşgalalaryň ýaşamagy üçin her ýerde şeýle amatly şertleriň döredilmegini umyt edýäris” diýipdi.

Önjüpynar bosgun düşelgesi siriýaly bosgunlar üçin amatly şert döretmäge dowam edýär

http://www.byegm.gov.tr/turkce/faaliyet/kilis-nobel-baris-odulune-aday/92542



Degişli Habarlar