Ysraýyl Rafahy nyşana almaga dowam edýär

Hepdäniň Syny

2147311
Ysraýyl Rafahy nyşana almaga dowam edýär

Ysraýylyň goşuny gazalylaryň soňky gaçybatalgasy bolan Rafahy nyşana almaga başlan bolsa, sebitden yzly-yzyna täze gyrgynçylyk habarlary gelmäge başlady. Diňe soňky iki günde çadyr şäherçeleriň bombalanmagy netijesinde 100-den gowrak adam ýogalan bolsa, olaryň esasy bölegi zenanlardan we çagalardan ybarat. Halkara Adalat Diwanynyň Rafah hakynda karar kabul etmegi we Ysraýyla operasiýalary dessine bes etme çagyryşynyň yzysüre bu gyrgynçylyklar edildi. Ysraýyl bütin dünýä, bütin adamzada garşy durmaga dowam edýär.

SETA-nyn Daşary syýasaty öwreniji alymy Jan Ajunuň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Rafah, Gazada ýaşaýan we Ysraýylyň goşunynyň nyşanasyna öwrülen asuda ilatyň sygynan soňky sebitidi. Müsür serhedindäki darajyk zolaga 1,5 million gazaly sygyndy. Emma Ysraýylyň goşuny, dünýäden gelen ähli reaksiýalara we çagyryşlara garamazdan Rafahda operasiýalaryna başlady we sebiti Gündogar-Günbatar tarapdan basyp almak üçin işe girişdi. Ysraýylyň esasy maksady bu sebiti ýaşanmajak ýagdaýa getirmek we palestinalylaryň soňky umytlaryny hem üzmek. Şeýle hem Filadelfiýa geçelgesini ýagny Gaza-Müsür liniýasysynyň gözegçiligi ele alyp, doly we üýtgewsiz gurşaw emele getirmek. Netijede gazalylar az sanly tunellerden haýsam bolsa bir görnüşde azyk we hojalyk önümlerini Rafaha getirip bilýärdi.

Netanýahunyň harby kabineti aşa radikal sionistlerden ybarat we gymmaty näçe bolanda-da Gazany ýok etmek isleýär. Rafah hem elbetde şol maksadyň bir bölegi bolup durýar. Şol çäkde soňky günlerde esasanda bu sebite guralan hüjümlerin möwjändigini görýäris. Bir tarapdan tapgyrlaýyn ýagdaýda guryýerden süýşýän bosla, beýleki tarapdan-da çadyr düşelgeler bombalanýar. Täze gyrgynçylyklar edip, gorky dörtmek hem-de elhençligi ýaýbaňlandyryp, gazalylaryň howuny basmak isleýär. Bu hüjümler Halkara Adalat Diwanynyň Ysraýyla garşy karar kabul etmeginin yzysüre guralýar. Ysraýyl bu jähtden bütin dünýä we halkara hukuga äsgermezçilik edýär.

Bu ulumsy we äwmezek çemeleşmäniň aňyrsynda elbetde ABŞ-nyň goldawy durýar. ABŞ-ny dolulygyna täsiri astyna alan sionist tor, ABŞ-nyň karar kabul ediş mehanizmlerinde gönüden kesgitleýiji pozisiýa eýe. Ähli şertde ABŞ-nyň öz tarapynda durjakdygyny bilýär. Baýden ýakynlaşýan saýlaw sebäpli Netanýahuny çäklendirmek isleýän hem bolsa, ABŞ-de häzirki wagta çenli Netanýahuny goldaýan pozisiýalar asgyn görünýär. Mediadan maliýe ulgamyna, goranyş senagatyndan akademiýa çenli ençeme strategik pudakda sionist tor esasy güýje eýe. Bu täsir ediş güýji Gazada başdan geçirilýänlerde özüni hasam görnükli ýagdaýa getirdi.

Sosial media we konwensional media

Ýokarda beýan edilen hakykatyň ýany bilen günbataryň galan böleginde bolşy ýaly ABŞ-da kem-käs özgerlişigiň bardygyny hem görmek gerek. Esasanda sionistler tarapyndan gözegçilik edilýän we ortaça amerikalylaryň düşünjesini ugrukdyrýan konwensional medianyň ýerine indi alternatiw sosial medianyň ýüze çykmagy, ýaşlaryň hakykaty öwrenmekde alternatiw ýollara eýe bolmagy täze netijeleri ýüze çykarýar. Global wyjdanyň hem sesine öwrülen ýaşlar, ABŞ-da güýçlenmäge başlady. ABŞ-daky talyp aksiýalary onuň diňe kiçijik bölegi. Sionistleriň öz “hakykatlary” arkaly galp düşünje emele getirme ukyby günsaýyn azalýar. Şu günki günde geçmişe garalanda hakykatyň sesi has anyk eşidilýär. Ysraýyl Gazada biperwaýlyk bilen gyrgynçylyk edýän bolsa, bu hakykatyň parhyna baryp, gazaplanýan ýaşlar ýetişýär. Iru-giç bu ýagdaý syýasy karar kabul ediş mehanizmlerine hem täsirini ýetirer. Norwegiýa, Ispaniýa, Irlandiýa ýaly ýurtlaryň Palestinany döwlet hökmünde ykrar etmegi şonuň görkezijisi aýratynlygynda.



Degişli Habarlar