Stambulyň Zabt Edilen Gününe Bagyşlanan Ýörite Gepleşik

Osman goşunlary 1453-nji ýylyň 29-njy maýynda Stambulyň zabt edilmegini ýola goýýar

2145463
Stambulyň Zabt Edilen Gününe Bagyşlanan Ýörite Gepleşik

Osman goşunlarynyň peýdalanan tehnologiýasy we toplary 1453-nji ýylyň 29-njy maýynda Stambulyň zabt edilmegini ýola goýýar

Osman döwleti Wizantiýa degişli ýerleri alyp, has-da ulaldy we güýçlendi.

Hem Anadolyda hem-de Rum ilinde zabt edilen ýerler bilen Wizantiýa diňe bir Stambuldan ybarat şäher döwletine öwrülýär.

1453-nji ýylda Osman patyşasy Soltan Mehmet Stambulyň Wizantiýa degişli bolmagny Osman döwletiniň howpsyzlygy üçin wehim hasaplap, güýçli goşun bilen Stambuly gurşap alýar.

Uzak dowam eden gabawda Osman goşunlarynyň peýdalanan tehnologiýasy we toplary 1453-nji ýylyň 29-njy maýynda Stambulyň zabt edilmegini ýola goýýar.

Stambul Osman döwletiniň paýtagty bolýar.

Orta asyry ýapyp, täze asyry açan Stambulyň zabt edilmegi dünýä taryhyna çuňňar täsir ýetirip, günbatarda reforma we Ronnesans hereketleriniň başlamagyna sebäp bolýar.


Etiketkalar: #Stambul , #Osmanly , #zabt etmek

Degişli Habarlar