“Türkiýe Siriýada terrora garşy durýar”

Prezident Diwanynyň iş dolandyryjynyň kömekçisi Ibrahim Kalynyň “DAILY Sabah" gazetinde berlen makalasy.

440597
“Türkiýe Siriýada terrora garşy durýar”


Ankara Siriýanyň demirgazygynda ABŞ, Russiýa we Siriýanyň hökümetiniň berýän ýalňyş goldawlary sebäpli gurulmaga synanşylýan PKK-nyň häkimiýeti asyndaky syýasy gurama we terror döwletine berk garşylyk görkezýär.

Duşmançylygyň ortadan aýrylmagy üçin baglaşylan Mýunhen şertnamasynyň şu günden başlap güýje girmegi bilen ünsler Siriýada başdan geçirilýän wakalara gönüger. Emma söweşiň uzak dowam etmegi sebäpli howpsyzlyk aladasy hem çuňlaşýar.

Terror guramasy DEAŞ-e garşy döredilen hyzmatdaşlygyň agzasy hökmünde Türkiýe şol terror guramalaryna garşy görülýän çärelere goldaw berýär. Siriýadaky söweş Türkiýäniň günorta serhetleri taýdan howply ýagdaýa geldi. Terror guramasy ÝPG Ankarany aladalandyrmaga dowam edýär. ÝPG-nyň Afriniň gündogaryna geçmäge synanşmagy Azaz, Tal Rifat, İdlib we Halap şäherinde parasatly oppozisionerlere garşy guran hüjümi ÝPG-nyň howply ýagdaýa gelendigini görkezýär. Şol hüjümler ÝPG-nyň Ýefradyň gündogary bilen Afriniň arasyndaky topraklary ele geçirmek baradaky meýilnamasynyň bir bölegidigini görkezýär. Ufuk Ulutaşyň hem belläp geçişi ýaly ÝPG-nyň maksady DEAŞ-e garşy göreşi bahana edip gözegçiligi astyndaky topraklary giňeltmekdir.

http://www.nytimes.com/roomfordebate/2016/02/24/are-kurds-allies-or-obstacles-in-syria/the-kurdish-ypgs-fight-in-syria-is-to-win-territory-not-to-oppose-isis)

ÝPG Rus howa hüjümleriniň we Siriýanyň lideri Başar Asadyň doly goldaw bermeginde hüjümlerini dowam edirýär. Şeýlelikde Russiýa we Siriýanyň hökümetine goldaw berýär, siriýaly oppozision toparlaryň bolsa täsirini ýetirmegine sebäp bolýar.

http://www.nytimes.com/roomfordebate/2016/02/24/are-kurds-allies-or-obstacles-in-syria/unconditional-us-support-for-kurdish-forces-in-syria-harms-the-anti-isis-cause)

ÝPG-nyň ABŞ we ÝB tarapyndan terror guramasy hökmünde kabul edilen PKK bilen birnäçe wagtdan bäri ýakyndan gatnaşyk etmegi bolsa Türkiýäni aladalandyrýar. Sonky günlerde PKK tarapyndan Türkiýede guralýan hüjümler artdy. Şol hüjümler PKK-a Türkiýe-Siriýa serhedinde ýarag, ok-däri we ekstremist goldawyny berýän ÝPG-niň goldaw bermegine guralýar. Türkiýe bir tarapdan serhetlerini DAEŞ-den we daşary ýurtly ekstremistlerden goramaga çalyşýarka, şol bir wagtda hem Siriýadan ýarag we PKK bilen arabaglanşykly terrorçy akymynyň serhetgen geçmeginiň öňüni almak üçin çäre görýär.

PKK-nyň Siriýadaky bölümi DEAŞ-e garşy göreşden ýerlikli peýdalanmaga synanşýar. PKK Siriýadaky söweşi özüne täze agza tapmak we Türkiýede hüjüm guramak üçin ulanýar. PKK-a goldaw berýänler, PKK-nyň türk hökümetiniň başladan çözgüt etrabyndan hyýanatçylykly peýdalanandygy hakykatyny görmek islemeýär.

http://www.dailysabah.com/columns/ibrahim-kalin/2015/08/15/who-really-sabotaged-the-reconciliation-process)

Eger PKK we onyň syýasy bölümleri çözgüt etabynyň ýaňandandan başlamagyny isleýän bolsalar onda terrorçylykly hüjümleri bes etmeli we ýaragsyzlanandyklaryny görkezmeli. Eger şeýle bolsa PKK “Prezident R. T. Erdoganyň “Kürtlera garşy söweşi"hökmünde häsiýetlendirlen wakalaryň öňüni alyp bilerler. Emma beýle etmek islemeýärler. PKK we oňa goldaw berýänler parahatçylyk we demokratiýa sözlerini ulanmak bilen bir tarapdan terror guramasyna PKK goldaw bermek bilen guramany aklamaga synanşýarlar.

Türkiýe hyzmatdaşlaryndan goldaw soramak üçin ähli hukuga eýedir. PKK bilen ÝPG-nyň arasyndaky terror arabaglanşygyna ünssiz çemeleşmek hem ahlak hem-de syýasat taýdan ýalňyşdyr. PÝD (Demokratik bileleşik partiýasy) 2003-nji ýylda PKK-nyň tussaghanadaky lideri Abdullah Öjalanyň tabşyrygy boýunça guruldy. PKK bilen şol bir idealogik maksada eýedigini we gurama bilen bolan arabaglanşygyny asla gizlemedi. 1980-njy ýyllardan bäri PKK-nyň agzalarynyň 20 göterimi Siriýadan gelýär. Ragyp Soýlunyň habarnamasynda giňişleýin beýan edilşi ýaly, ABŞ-nyň merkezi razwetka gullugynyň analizlerinde we habarnamalarynda PKK bilen PÝD-niň arasynda arabaglanşygyň bardygy nygtalypdyr.

http://www.dailysabah.com/war-on-terror/2016/02/20/archives-testimonies-confirm-pydypgs-organic-link-with-pkk-terror-organization)

Ankaranyň PKK bilen PÝD-ni kabul etmezligini anti-kürt tutum hökmünde görkezmegi bolsa diňe içginsizlikdir. Nýu Ýork Taýmesiň okyjylaryny ýalňyş gönükdiren makalasynda öňe sürülýäniň tersine Türkiýe ne Türkiýedäki kürtlere, ne-de Yrakdaky we Siriýadaky ne-de Eýrandaky kürtlere garşy tutum alyp bardy. Türkiýe dinine, messebine we idealogiýasyna garamazdan ähli terror guramalaryna garşy durýar. Türkiýe Yragyň Kürt Awtanomiýasy bilen ýakyndan gatnaşyk edýar, çünki olaryň PKK we Asad bilen hiç hili arabaglanşygy ýok. Emma Bagdatda käbir adamlaryň öz bähbitlerine hyzmat edýändigi üçin terror guramasyny legallaşdyrmaga synanşmak ýaly endikleri bar. Erdogany halamaýarys diýip terror guramasyna goldaw bermegiňiz sizi mamla görkezip bilmez.

Ankara Siriýanyň demirgazygynda ABŞ, Russiýa we Siriýanyň hökümetiniň berýän ýalňyş goldawlary sebäpli gurulmaga synanşylýan PKK-nyň häkimiýeti asyndaky syýasy gurama we terror döwletine berk garşylyk görkezýär.

Munyň siriýaly kürtleriň hak-hukuklaryny gözlemegi bilen hiç hili arabaglanşygy ýok. Tersine Ankara Siriýada we Yrakda kürtleriň hukuklarynyň goralmagyna goldaw berýär. Siriýaly kürtleriň Asad bilen hukuklaryna ilki Erdogan ünsi çekdi. 2014-nji ýylda DAEŞ-iň hüjümlerinden gaçan Kobanili 200 000 müň adamy Türkiýe kabul etdi.

Halkara günä geçişlik guramasyna görä PÝD bilen ÝPG “obalary ýer bilen ýegsan etmek" bilen harby jenaýat etdi.

https://www.amnesty.org/en/press-releases/2015/10/syria-us-allys-razing-of-villages-amounts-to-war-crimes/)

Aslynda ABŞ ÝPG-ni DEAŞ-e garşy ulanýar. Russiýa bolsa DEAŞ-i Asada goldaw bermek üçin we Siriýanyň hökümeti hem häkimiýetini goramak üçin we Türkiýä garşy ulanýar. Hafyz Asad Türkiýä garşy ulanmak üçin 1980-njy ýylda PKK-niň Siriýa girmegine rugsat bermek bilen Öjalan üçin ilki ynamdar port boldy, soň bolsa PKK-nyň öz bähbidine hyzmat etmeýändigi sebäpli olary ýurdundan kowup çykardy. Bir ýyl ozal hem Başar Asad siriýaly kürtlere zulum edýärdi. İndi bolsa olary öz tarapyna çekmäge synanşýar, çünki PÝD bilen ÝPG Siriýanyň hökümeti üçin bähbitli görünýär. PÝD bilen ÝPG Siriýanyň hökümetiniň tarapynda ýer almak bilen siriýaly kürtlere uly zeper ýetirdi. Häzir Siriýada PÝD-ä we ÝPG-a berlen her bir goldaw ilkinji nobatda Russiýanyň we Siriýanyň hökümetiniň bähbidine hyzmat edýär.

Terror guramasy PKK Türkiýedäki kürtlere wekilçilik etmeýän bolsa, PÝD hem siriýaly kürtleriň ýeke-täk wekili däldir. PKK-nyň we PÝD-niň idealogiýasyna goldaw bermeýän we Siriýanyň hökümetine garşy tutum alyp barýan müňlerçe kürt bar.

DEAŞ-e garşy söweş aslynda Siriýada we Yrakda güýç söweşine öwrüldi. Terror guramasy DEAŞ-e garşy söweşýäris diýip 400 000 müňden gowrak adamyň ýogalmagyna we millionlarça adamyň ýerini ýurduny terk edip bosgun ýagdaýyna gelmegine sebäp bolan Siriýanyň hökümetiniň we oňa goldaw berýänleriň edýän jenaýatlaryny ýatdan çykarmagymyz islenýär.



Degişli Habarlar