Türkiye Eýran-Ysraýyl dartgynlygynda sowukganlylyga çagyrdy

Türkiye Eýran-Ysraýyl dartgynlygynda taraplary sowukganlylyga çagyrdy

2127586
Türkiye Eýran-Ysraýyl dartgynlygynda sowukganlylyga çagyrdy

Türkiyäniň Daşary işler ministrliginden Eýranyň Ysraýyla garşy guran hüjümlerinden soň beren beýanatynda, Türkiyäniň Ysraýylyň Gazada dowam etdirýän urşuň ýaýramak we güýçlenmek howpunyň bardygy bilen bagly duýduryşlaryny eýýäm ençeme wagt bäri söhbetdeşlerine ýetirýändigi mälim edildi. 

Beýanatda: "Ysraýylyň Eýranyň Siriýanyň paýtagty Damask şäherindäki ilçihanasyna garşy guran halkara hukuga ters gelýän hüjümleri, aladalarymyzy esaslandyrdy. Eýranyň şol hüjümlere garşylyk görkezmeginiň we ondan soň başdan geçirilen wakalaryň tiz wagtda sebitleýin uruşa öwrülip biljekdigini ýene-de bir gezek görkezdi. Başdan geçirilen wakadan ozal Eýranyň we ABŞ-nyň resmileri bilen gepleşikler geçirip, taraplary sowukganlylyga çagyrypdyk. Taraplaryň ikitaraplaýyn häsýetdäki tamalary we ýüzlenmeleri hem ýurdumyzyň üsti bilen taraplara ýetirildi, reaksiýalaryň proporsional bolmagy ugrunda gerek bolan başlangyçlar edildi. Şu gün bolsa eýranly resmilere we Ysraýyla täsiri bolan Günbatar ýurtlaryna dartgynlygy bes etmek baradaky ýüzlenmelerimizi açyk ýagdaýda ýetirýäris. Sebitimiziň asudalygyna hemişelik häsýetde zeper ýetirjek we global derejede has uly çaknyşyklara sebäp boljak tapgyryň başlamazlygy üçin tagallalarymyzy dowam etdireris" diýip habar berdi. 



Degişli Habarlar