Hakan Fidan, Palestinanyň Premýer-ministri Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Fidan bilen Mustafa, Gazada we Günbatar Şeriada başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda pikir alyşdy.

2133024
Hakan Fidan, Palestinanyň Premýer-ministri Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

 

Daşary işler ministri Hakan Fidan, PalestinanyňPremýer-ministri we Daşary işler ministri Muhammed Mustafa bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Gaza temaly maslahata gatnaşmak üçin Saud Arabystanynyň paýtagty Riýada giden Daşary işler ministri Fidan, Palestinanyň Premýer-ministri we Daşary işler ministri Muhammed Mustafa bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Hakan Fidan bilen Muhammed Mustafa, Gazada we Günbatar Şeriada başdan geçirilýän soňky wakalar we Palestina döwletiniň has köp ýurt tarapyndan ykrar edilmegi üçin edilýän tagallalar hakynda pikir alyşdy.

Beýleki tarapdan Hakan Fidan, İordaniýanyň Wise-premýeri we Daşary işler ministri Eýmen as Safedi bilen duşuşdy.

Fidan bilen Safedi, Gazadaky gyrgynçylygyň bes edilmegi üçin Ysraýyla edilýän basyşlaryň artdyrylmagy barada pikir alyşdy.

Norwegiýanyň Daşary işler ministri Espen Bart Eýde bilen duşuşan Hakan Fidan, halkara jemgyýetçiliginde Ysraýyla garşy durýanlaryň sanynyň artandygyna ünsi çekdi.

Fidan bilen Eýde, NATO-nyň çäginde iki ýurduň arasynda edilýän hyzmataşlyk hakynda hem pikir alyşdy.

 



Degişli Habarlar