Terrora garşy göreş tutanýerli ýagdaýda dowam etdirilýär

Türkiyäniň Milli Howpsuzlyk gullugy Yragyň demirgazygyndaky Hakurk sebitinde soňky 1 hepdede geçiren operasiýalarynda, aksiýa geçirmek üçin taýarlyk görendigi anyklanan 15 terrorçyny täsirsiz ýagdaýa getirdi

2133387
Terrora garşy göreş tutanýerli ýagdaýda dowam etdirilýär

Howpsuzlyk çeşmelerinden alynan maglumata görä Milli Howpsuzlyk gullugy Türkiyäniň Ýaragly güýçlerine degişli serhet we harby birikmelerine garşy aksiýa geçirmek maksady bilen taýarlyk gören terror toparyny anyklady. 

Şol sebäpli soňky 1 hepdede geçirilen operasiýalarda aralarynda guramanyň ýokary derejeli ýolbaşçylary hem bolan 15 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi. 

Beýleki tarapdan bolsa Siriýanyň demirgazygynda ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-e agza 2 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Türkiyäniň Milli Goranmak ministrligi tarapyndan berilen beýanatda: "Gahryman Türkiyäniň Ýaragly güýçleri Siriýanyň demirgazygyndaky PKK/ÝPG-a agza terrorçylara garşy operasiýasyny dowam etdirýär. Zeýtun Şahajygy sebitinde anyklanan PKK/ÝPG-e agza 2 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi" diýip habar berildi. 


Etiketkalar: #terrorçy , #Siriýa , #Yrak , #Türkiye

Degişli Habarlar