Syýahatçylyk Pudagy Rekordlaryny Dowam Etdirýär

Geçen ýyl syýahatçylyk taryhynyň iň ýokary derejesine ýeten Antalýa 2024-njiýylyň ilkinji üç aýynda-da aýlyk mukdarda rekorduny dowam etdirýär.

2124164
Syýahatçylyk Pudagy Rekordlaryny Dowam Etdirýär
antalya turist turizm.jpg

Mart aýynda ilkinj gezek 500 mňden gowrak syýahatçyny kabul eden şäherde, 3 aýlyk döwürde bolsa 1 million çäginden geçildi.

2023-njiýylda mart aýynda 348 müň syýahatçy kabul eden Antalýa 2024-nji ýylyň degişli döwründe 505,421 syýahatçy geldi.

1-nji ýanwar bilen 31-nji martyň aralygyndaky görkezijilere görä bolsa Antalýa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 25,6 göterim artyş bilen 1 milliondan gowrak syýahatçy geldi.

Uzak ýyllardan bäri Antalýa syýahatçylarynyň liderligini elden bermeýan ruslar bolsa ikinjiliğe düşdi. Russiýadan geçen ýylyň degişli döwrüne görä 19,4 göterim aşaklama bilen 171,770 syýahatçy geldi.

Antalýanyň esasy syýahatçylaryndan biri bolan iňlisler geçen ýyla görä 40 göterim artdy we 124,621 syýahatçy bilen 3-nji orny eýeledi.

 



Degişli Habarlar