Türkiýe BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň Kararynyň Iş Ýüzüne Geçirilmegini Tama Edýär

Türkiýe Ysraýylyň BMG-niň Howpsuzlyk geňşinde kabul edilen Gaza hakyndaky kararynyň talaplaryny dessine iş ýüzüne geçirmegini tama edýändigini habar berdi.

2120423
Türkiýe BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň Kararynyň Iş Ýüzüne Geçirilmegini Tama Edýär

Daşary işler ministrliginiň Metbugat sekretary Önjü Keçeli düýn BMG-niň Howpsuzlyk geňşinde kabul edilen we Gazada hüjümleriň dessine bes edilmegi üçin çagyryş berilýän 2728 belgili karar hakyndaky soraga ýazmaça jogap berdi.

Sekretar Keçeli; “BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň oraz aýynda Gazada hüjümleriň dessine bes edilmegini we şeýle hem Gaza ynsanpwer kömekleriniň ýetirilmegini talap edýän kararyň oňyn başlangyçdygyny görýäris. Biz Ysraýylyň bu kararyň talaplaryny dessine iş ýüzüne geçirmegini tama edýäris” diýdi.

Keçeli Gazadaky gumanitar pajyganyň ortadan aýrylmagy we Ysraýyl-Palestina meselesine durnukly çözgüt tapylmagy üçin halkara jemgyýetçiligini Ysraýyla garşy pozisiýa eýelemäge çagyrdy.

 BMG-niň Howpsuzlyk geňeşinde geçirilen ses berlişikde Gazada durnukly we birsydyrgyn häsýetde “Oraz aýynda hüjümleriň dessine bes edilmegi” üçin karar kabul edilipdi.

Taslama 14 ýurt kabul sesini berdi. ABŞ bolsa ses bermekden saklandy.



Degişli Habarlar