Türkiýe Bütin Dünýäde Parahatçylygyň we Durnuklylygyň Goragçysy Bolmaga Dowam Edýär

Daşary işler ministri Hakan Fidan Türkiýäniň dartgynly sebitde howply çökgünliklere garamazdan sebitinde we bütin dünýäde parahatçylygyň hem-de durnuklylygyň goragçysy bolmaga dowam edýändigini aýtdy.

2117708
Türkiýe Bütin Dünýäde Parahatçylygyň we Durnuklylygyň Goragçysy Bolmaga Dowam Edýär

Ministr Fidan Kyrşehirde raýatlar bilen duşuşdy.

Agzaçara gatnaşan Fidan, Türkiýäniň 21 ýylda uly ösüş edendigini, oňa hemmeleriň şaýatdygyny aýtdy.

Türkiýäniň we Prezident R.T.Erdoganyň dünýä howp salýan çökgünlikleriň, çaknyşyklaryň we söweşleriň öňünde parasatlylygyň, adalatyň we wyždanyň sesi bolandygyny ünsi çeken Fidan; “Ýurdumyza we sebitimize garşy oýun oýnalmagyna asla ýol bermeris” diýdi.

Ysraýylyň Gazadaky gyrgynçylyklaryna ünsleri çeken Fidan, Türkiýäniň palestinalylara goldawynyň dowam etjekdigini aýtdy.

Hakan Fidan Gazada hüjümleriň bes edilmegi we ynsanperwer kömekleriniň ýetirilmegi ugrundaky tagallalaryny arman-ýadaman dowam etdirýändiklerini nygtady.

Käbir gatlaklaryň Ysraýylyň Gazadaky zulmyna dymmak bilen syn edýändigini ýatladan Daşary işler ministri; “Türkiýe başyndan bäri şuny aýtdy: Gazada dessine hüjümler bes edilmeli. Ynsanperwer kömekler üznüksiz ýetirilmeli we indi adalat ýola goýulmaly. Palestinaly doganlarymyz paýtagty Gündogar Iýerusalim bolan özygtyýarly döwletine gowuşmaly” diýdi.



Degişli Habarlar