Türkiýe Bilen Kuba Salgyt Gaçgakçylygyna Garşy Şertnama Baglaşdy

Bu barasynda Gazna we maliýe ministrligi habar berdi.

2115180
Türkiýe Bilen Kuba Salgyt Gaçgakçylygyna Garşy Şertnama Baglaşdy

Ministrligiň sosial media hasabyndan ylalaşyk hakynda maglumat berildi. Maglumata görä Türkiýe bilen Kubanyň arasynda “Girdejiden alynýan salgytlarda goşa salgytlandyrmanyň öňüni almak we salgyt gaçgakçylygy bilen salgytdan gaçmagyň öňüni alyş şertnamasy” baglaşyldy. Habarnamada şeýle diýilýär; “Türkiýe Respublikasynyň hökümeti bilen Kuba Respublikasynyň hökümetiniň arasynda birinji tapgyr geňeşmeleri 2002-nji ýylyň 4-8-nji fewral aralyynda, ikinji tapgyr geňeşmeleri 2023-nji ýylyň 6-9-njy iýun aralygnda geçirilen “Girdejiden alynýan salgytlarda goşa salgytlandyrmanyň öňüni almak we salgyt gaçgakçylygy bilen salgytdan gaçmagyň öňüni alyş şertnamasy” 2024-nji ýylyň 13-nji martynda baglaşyldy.

Türkiýäniň adyndan Gazna we maliýe ministrimiz Hormatly Mehmet Şimşek, Kubanyň adyndan Ministrler kabinetiniň başlygynyň orunbasary Hormatly Rikardo Gabrisas tarapyndan gol çekilen şertnama, iki ýurduň ykdysady gatnaşyklaryna möhüm goşant goşar.”  



Degişli Habarlar