Türkiýe Şu Ýyl Täze Açyşlara Garaşýar
Energetika we tebigy baýlyklar ministri Alparslan Baýraktar şu ýyl energetika pudagynda täze açyşlara garaşylýandygyny beýan etdi.
2114914
Ministr Baýraktar; “Gara deňizde esasy 3 geolokasiýada 2024-nji ýylda gözleg işini geçireris” diýdi.
Baýraktar Stambulda beren beýannamasynda energiýada daşarky garaşlylygy azaltmak üçin serişde gözleginiň artdyrylmalydygyna ünsi çekip; “2024-nji ýylda Gabarda umytly bolan, Hakkaride umytly bolan gözleg burawlaýyş işlerimizi amala aşyrarys. Gara deňizde 3 geolokasiýada 2024-nji ýylyň dowamynda gözleg geçireris. Enşalla olaryň ählisinde täze açyşlar ederis” diýdi.