Birleşen Arap Emirlikleriniň Maýa Goýum Ministri Ankarada Saparda Bolýar

Myhman ministr Energetika we tebigi serişdeler ministri Alparslan Baýraktar bilen duşuşdy.

2092342
Birleşen Arap Emirlikleriniň Maýa Goýum Ministri Ankarada Saparda Bolýar

Birleşen Arap Emirlikleriniň Maýa goýum ministri Muhammed Hasan as Suweýde iş sapary bilen Ankara geldi.

Myhman ministr saparynyň çäginde Energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktar bilen duşuşdy.

Ministr Baýraktar sosial mediadan beren habarnamasynda, as Suweýde bilen paýtagt Ankarada duşuşandygyny mälim etdi.

Baýraktar habarnamasynda, “Duşuşykda geçen ýyl iki ýurduň arasynda baglaşylan energetika şertnamanyň durmuşa geçirliş tapgyry hakynda pikir alyşdyk. Enegetika pudagy boýunça birlikde täze taslamalary durmuşa geçirmek bilen özara gatnaşyklarymyzy has-da pugtalandyrarys” diýdi.

 

 



Degişli Habarlar