Horwatiýanyň Daşary Işler Ministri Ankarada Saparda Boldy

Horwatiýanyň Daşary işler ministri, Türkiýäniň özleri üçin ÝB-niň esasy hyzmatdaşy hökmünde galjakdygyny aýtdy.

2089368
Horwatiýanyň Daşary Işler Ministri Ankarada Saparda Boldy

Horwatiýanyň Daşary işler ministri Gordan Grliç Radman, Türkiýäniň özleri üçin ÝB-niň esasy hyzmatdaşy hökmünde galjakdygyny aýtdy.

Horwatiýanyň Daşary işler ministri Radman, Daşary işler ministri Hakan Fidan bilen paýtagt Ankarada bolan duşuşygyndan soň metbugata beýannama berdi.

Ministr Fidan bilen Türkiýe-ÝB gatnaşyklary hakynda pikir alyşandyklaryny aýdan Radman, “Biziň üçin Türkiýe ÝB-ne dalaşgär ýurt we ÝB-niň esasy hyzmatdaşy hökmünde galar” diýdi.

Radman, ÝB-niň Türkiýe bilen geçirýän gepleşikleriniň netijeli bolmagy üçin ellerinden geleni edýändiklerini ýatlatdy.



Degişli Habarlar