Biz Hiç Haçan ÝB-niň Goşantlaryna Mätäç Bolmadyk

Prezident R.T.Erdogan Türkiýäniň hemişe öz zerurlyklaryny kanagatlandyran ýurt bolandygyny beýan etdi.

2039041
Biz Hiç Haçan ÝB-niň Goşantlaryna Mätäç Bolmadyk

Erdogan Nýu-Ýorkda BMG-niň 78-nji Sessiýasynyň işiniň çäginde Amerikanyň “PBS” teleýaýlymynyň soraglaryna jogap berdi.

Türkiýäniň ÝB-ne agzalykdan el çekmäge taýýar bolup bolmandygy bilen bagly soraga jogap beren Erdogan, Türkiýäniň ÝB-niň kararlaryna aýratyn ähmiýet berýändigini nygtap; “ÝB oňyn karar kabul etse, oňa kanagatlanma bildireris. Türkiýe soňky 50 ýyldan bäri ÝB-niň gapysynyň öňünde güýmelýär. Biz elmydama öz-özüne ýeterlik ýurt bolduk. Hiç haçan ÝB-niň goşantlaryna ýa-da goldawyna mätäç bolmadyk, oňa zerurlygymyz ýok” diýdi.

Erdogan, ABŞ-nyň Türkiýä F-16 harby uçarlarynyň satuwy bilen Şwesiýanyň NATO agzalygy meseleleriniň biri-birine bagly bolup bolmandygy hakynda bolsa;  “Meniň pikirimçe bagly bolmaly däl. Prezident Baýden bu meselede karary Kongressiň kabul etjekdigini aýtdy. Biz hem elmydama bizde-de Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisi bar. Ýagny bu meselelerde parlament karar berýar. Parlament bu meselede oňyn karar kabul etmese, onda bu hususda edere zat ýok” diýdi.

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň Gara deňiz galla başlangyjyny näme sebäpde dowam etdirmändigi hakynda-da durup geçen Erdogan; “Biz Putinden haýyşt etdik we ýene-de 1 million ugratjakdygyny aýtdy” diýdi.

Prezident Erdogan Putiniň galla eksportunyň gysga möhletde başlajakdygyny aýdandygyny nygtap, mesele bilen ýakyndan gyzyklanýandyklaryny aýtdy.

Erdogan Putine ynanyp, ynanmaýandygy hakyndaky soraga bolsa; “Meniň Putine ynanmazlygym üçin hiç hili sebäp ýok. Günbatar nähili ynamda bolsa Russiýa hem şol derejede ynamdardyr. 50 ýyldan bäri bizi gapysynda garaşdyrýan ÝB. Häzirki wagtda günbatara näderejede ynanýan bolsa, Russiýa hem şonça ynanýaryn” diýip, jogap berdi.



Degişli Habarlar