26 Ýaşyndaky Emine Akgül Ýer Titremesinden 201 Sagat Soň Halas Edildi

Ýer titremelerinde ýykylan binalaryň harabalyklaryndan şatlykly habarlaryň gelmegi Türkiýäni umytlandyrýar.

1946370
26 Ýaşyndaky Emine Akgül Ýer Titremesinden 201 Sagat Soň Halas Edildi

Güýç merkezi Kahramanmaraşda bolan ýer titremelerinden soň gözleg we halas ediş işleri güýçli depginde dowam edýär.

Ýer titremelerinde ýykylan binalaryň harabalyklaryndan şatlykly habarlaryň gelmegi Türkiýäni umytlandyrýar.

Kahramanmaraşyň Dulkadirogly etrabynda ýer titremelerinden 198 sagat soň 2 dogan harabalygyň aşagyndan sag aman halas edildi.

Gözleg we halas ediş toparlary ýer titremesinden 198 sagat soň ilki 17 ýaşyndaky Muhammed Enes Ýeninary, soň bolsa 21 ýaşyndaky agasy Baki Ýeninary sag aman halas etdi.

Doganlar hassahanada bejeri astyna alyndy.

Adyýamanda ýykylan binanyň harabalygynda galan 18 ýaşyndaky Muhammed Jafer Çetin hem 198 sagat soň sag aman halas edildi.

Hataý welaýatynda 26 ýaşyndaky Emine Akgül bolsa ýer titremesinden 201 sagat soň harabalygyň aşagyndan çykaryldy we hassahanada bejergi astyna alyndy.

6-njy fewralda güýç merkezi Kahramanmaraşda we 10 welaýatda uly ýitgi çekilmegine sebäp bolan 7,7 we 7,6 bal ululygyndaky ýer titremelerinde müňlerçe adam ýogaldy. Ýer titremeleri “asyryň betbagtçylygy” hökmünde häsiýetlendirildi.

 



Degişli Habarlar