Süleýman Soýlu terrora garşy göreş barada beýannama berdi

Terrora garşy alynyp barylýan üstünlikli göreşiň üstünde durup geçen Süleýman Soýlu, Türkiyedäki terrorçylaryň sanynyň 120-den hem azalandygyny aýan etdi

1930989
Süleýman Soýlu terrora garşy göreş barada beýannama berdi

Stambul şäheriniň Taksim meýdançasynyň golaýyndaky bombaly hüjümi meýilleşdiren ekstremist terror guramasy PKK-a agza terrorçy Bilal Hassanyň daşary ýurda gaçmagyna kömek beren Hazni Gölge Bolgariýada tussag edildi. 

Türkiyäniň Içeri işler ministri Süleýman Soýlu, hususy telewideniýe kanallarynyň birinde beren beýannamasynda, 13-nji noýabrda 6 adamyň ýogalmagy we 81 adamyň ýaralanmagy bilen netijelenen Istiklal köçesindäki bombaly hüjümi meýilleşdiren Bilal Hassanyň daşary ýurda gaçmagyna kömek beren Hazni Gölgeniň düýn Bolgariýada tussag edilip, Türkiyä ugradylandygyny habar berdi. 

Terrora garşy alynyp barylýan üstünlikli göreşiň üstünde durup geçen Süleýman Soýlu, Türkiyedäki terrorçylaryň sanynyň 120-den hem azalandygyny aýan etdi. 

Nebit ýataklarynyň tapylan Şyrnak welaýatynyň Gabar Dagy sebitinde geçirilen operasiýa barada bolsa Süleýman Soýlu: "Gabar Dagy sebitinde 4 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi. Şolaryň 2-si çal kategoriýadady. Gabar Dagynda 7 terrorçy bardy, 4-si täsirsiz ýagdaýa getirildi, indi ol ýerde 3 terrorçy galdy. Judi Dagy terrorçylardan dolulygyna saplandy. Ol ýerde dekabr aýynda 11 terrorçyny täsirsiz ýagdaýa getiripdik" diýip mälim etdi. 

Türkiyäniň terrora garşy göreşde taryh ýazandygyny aýdan Içeri işler ministri Süleýman Soýlu: "Biz diňe terror guramasy PKK/KJK-a garşy göreş alyp barmadyk. Siriýanyň demirgazygynda Ýewfrat Galkany operasiýasy DAIŞ-e garşy geçirildi. Biz DAIŞ-e garşy göreş alyp bardyk, täsirli göreş alyp baran ýeke täk ýurtdurys. Türkiyede ABŞ we Ýewropa garamazdan FETÖ-ni dyza çökdürdik" diýip beýan etdi. 



Degişli Habarlar