Terrora garşy göreş tutanýerli ýagdaýda dowam etdirilýär

Siriýanyň demirgazygynda ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-e agza 12 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

1928327
Terrora garşy göreş tutanýerli ýagdaýda dowam etdirilýär

Türkiyäniň Milli Goranmak ministrliginden berilen beýanatda: "Gahryman Türkiyäniň Ýaragly güýçleri terrora garşy göreşini gije-gündiz, dag-baýyr diýmän tutanýerlilik bilen dowam etdirýär. Zeýtun Şahajygy we Parahatçylyk Çeşmesi sebitinde asudalyk we howpsuzlyk gurşawyny bozmak maksady bilen hüjüm guran ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-e agza 12 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi" diýip habar berildi. 


Etiketkalar: #Türkiye , #Siriýa , #terrorçy , #ÝPG , #PKK

Degişli Habarlar