Türkiye Gazadaky ýangyn sebäpli gynanç ýüzlenmesini çap etdi

Türkiye Gazada Jebaliýe bosgun düşelgesiniň çägindäki binalaryň birinde bolan ýangynda ýogalan adamlar zerarly gynanç ýüzlenmesini çap etdi

1907747
Türkiye Gazadaky ýangyn sebäpli gynanç ýüzlenmesini çap etdi

Türkiyäniň Daşary işler ministrliginden berilen beýanatda: "Gazada Jebaliýe bosgun düşelgesiniň çägindäki binalaryň birinde 17-nji noýabr güni agşam ýüze çykan ýangynyň netijesinde aralarynda çagalar hem bolan köp sanda adamyň ýogalandygy we ýaralanandygy baradaky habar uly gynanç bilen alyndy. Ýogalan adamlara Alladan rehnet, maşgalalar bilen doganlyk Palestinanyň halkyna we Palestina Döwletine gynanç bildirýäris, ýaralanan adamlaryň bolsa tiz wagtda sagalmaklaryny dileýäris" diýip habar berildi. 



Degişli Habarlar