Stokgolmde Türkiye-Şwesiýa syýasy geňeşmeler geçiriler

Türkiyäniň Daşary işler ministrligi mesele bilen bagly beýannama berdi

1906711
Stokgolmde Türkiye-Şwesiýa syýasy geňeşmeler geçiriler

Türkiýäniň Daşary işler ministriniň orunbasary we ÝB başlygy ilçi Faruk Kaýmakçy, Şwesiýanyň Daşary işler ministrliginiň Döwlet sekretary ilçi Jan Knutsson bilen Türkiye-Şwesiýa syýasy geňeşmelerini we duşuşyklar geçirmek maksady bilen şu gün Stokgolm şäherine gider. 

Türkiyäniň Daşary işler ministrliginden berilen beýanatda Türkiye bilen Şwesiýanyň arasynda geçiriljek syýasy geňeşmeler bilen bagly berilen ýazmaça beýanatda, Faruk Kaýmakjynyň 16-17-nji noýabr aralygynda Şwesiýanyň paýtagty Stokgolm şäherinde saparda boljakdygy habar berildi. 

Beýanatda: "Syýasy geňeşmelerde Türkiye-Şwesiýa gatnaşyklary bilen Şwesiýanyň 2023-nji ýylyň ýanwar aýynda öz üstüne aljak ÝB-niň Döwürleýin başlyklygyndan ozal Türkiye-ÝB gatnaşyklarynyň giňişleýin häsýetde ele alynmagy meýilleşdirilýär" diýip mälim edildi. 



Degişli Habarlar