Türkiye Hindistana gynanç bildirdi

Türkiye Hindistandaky asma köpriniň çökmegi netijesinde ýogalan adamlar zerarly gynanç ýüzlenmesini çap etdi

1900095
Türkiye Hindistana gynanç bildirdi

Türkiyäniň Daşary işler ministrliginden berilen ýazmaça beýanatda, Hindistanyň Gujarat ştatynda köpriniň çökmegi netijesinde köp sanda adamyň ýogalandygy we ýaralanandygy baradaky habaryň uly gynanç bilen alynandygy mälim edildi. 

Beýanatda: "Hindistanyň halkyna, hökümetine we ýogalan adamlaryň dogan-garyndaşlaryna çuňňur gynanç bildirýäris, ýaralananlara bolsa şypa dileýäris" diýip habar berildi. 

Gujarat ştatynyň Morbi şäherçesindäki Maçuçu derýasynyň üstündäki asma köpri üstünde azyndan 500 adam bolan mahaly çökdi. 

Hindistanyň metbugaty wakada ýogalanlaryň sanynyň 141 adama ýetendigini habar beripdi. 


Etiketkalar: #gynanç , #Hindistan , #Türkiye

Degişli Habarlar