Türkiye Efiopiýanyň Tigraý sebitindäki hadysalara alada bildirýär

Türkiye Efiopiýanyň Tigraý sebitinde ýaňadandan dartgynlaşan hadysalara alada bildirýändigini beýan etdi

1894054
Türkiye Efiopiýanyň Tigraý sebitindäki hadysalara alada bildirýär

Türkiyäniň Daşary işler ministrliginden mesele bilen bagly berilen ýazmaça beýanatda, Efiopiýanyň Tigraý sebitinde başdan geçirilýän wakalaryň bes edilmegi we iň gysga wagtda ylalaşygyň yglan edilmegi barada çagyryş berildi. 

Beýanatda Afrika Bileleşiginiň ylalaşygy ýola goýmak maksady bilen taraplaryň arasynda gönüden gepleşikleriň geçirilmegi bilen bagly başlangyçlarynyň ähmiýeti bellenip: "Türkiye Efiopiýada parahatçylygyň, asudalygyň we durnuklylygyň ýola goýulmagy ugrundaky tagallalary goldamaga dowam eder" diýip habar berdi. 



Degişli Habarlar