Prezident Erdogan palestinaly kärdeşi Abbas bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan düýn Palestinanyň Prezidenti Mahmud Abbas bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

1853915
Prezident Erdogan palestinaly kärdeşi Abbas bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasyndan berilen beýanata görä, Prezident Erdogan Palestinanyň Prezidenti Mahmud Abbas bilen Gurban baýramy mynasybetli telefon arkaly söhbetdeş boldy. 

Telefon söhbetdeşliginde Türkiýe-Palestina gatnaşyklary we sebitleýin meseleler ara alynyp maslahatlaşyldy. 

Prezident Erdogan mübärek baýram günleriniň Palestina, sebitiň ýurtlary we bütin Yslam dünýäsi üçin düşümli bolmagyny, parahatçylyk, asudalyk we saglyk getirmegini diledi. 

Palestinalylaryň arasyndaky jebisligiň we raýdaşlygyň möhümdigine ünsleri çeken Prezident Erdogan, beýleki ugurlarda bolşy ýaly bu meselede hem her dürli goldawy bermäge taýardygyny habar berdi. 



Degişli Habarlar