Türkiýäniň Daşary işler ministri Kosowa bardy

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Türkiýäniň Balkanlaryň 90-njy ýyllardaky garaňky günlere gaýdyp gelmezligi üçin her dürli tagallany edýändigini habar berdi

1845388
Türkiýäniň Daşary işler ministri Kosowa bardy
Donika Gervalla-Schwarz-Cavusoglu.jpg
cavusoglu kosova.jpg

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly resmi sapar bilen baran Kosowada, ýurduň Wise-premýeri we Daşary işler we Diaspora ministri Donika Gerwella-Şwarz bilen ilki ikiçäk soň, bolsa topara geçirilen gepleşiklerden metbugat ýygnagyna gatnaşdy. 

Ikitaraplaýyn gatnaşyklary ähli ugurlar boýunça özgertmek isleýändiklerini aýdan Mewlüt Çawuşogly, şonuň üçin nämeleriň edilip bilinjekdikgini, global we sebitleýin meseleler bilen şol meseleleriň sebite, Balkanlara, Kosowa we Türkiýä täsirleri barada pikir alyşandyklaryny mälim etdi. 

Çawuşogly: "Şu gün mundan başgada Kosowanyň özygtyýarlylygyna, territorial bütewiligine we syýasy jebisligine berýän goldawymyzy ýene-de bir gezek nygtap geçdik. Kosowanyň döwlet edaralarynyň güýçlenmegine, sebitleýin we halkara integrasiýasyna ähmiýet berýäris. Kosowanyň Ýewropa-Atlantik guramalaryna agzalyk perspektiwasyny Türkiýe hökmünde goldaýarys" diýip belledi. 

Balkanlardaky dartgynlygyň artýandygyny görýändiklerini aýdan Mewlüt Çawuşogly: "Türkiýe hökmünde Balkanlaryň 90-njy ýyllardaky garaňky günlere gaýdyp gelmezligi üçin her dürli tagallany edýäris. Onuň üçin her dürli iş alyp barýarys. Sebitde ähli ýurtlar bilen gowy gatnaşyklara eýe bolan we her kim bilen gepleşikler geçirip bilýän bir ýurt hökmünde  şol çäkde tagallalarymyzy dowam etdireris. Diplomatiýany öň hatara çykararys. Şol sebäpli dialog sebitdäki hemişelik parahatçylyk we durnuklylyk üçin örän möhümdir" diýip habar berdi. 



Degişli Habarlar