Erdogan Stambuldaky Russiýa-Ukraina gepleşiklerinden ozal beýanat berdi

Russiýanyň 24-nji fewralda Ukraina garşy başladan söweşinden soň taraplar gepleşikler üçin şu gün Stambulda duşuşar

1803476
Erdogan Stambuldaky Russiýa-Ukraina gepleşiklerinden ozal beýanat berdi
erdoğan.jpg
erdoğan.jpg

Prezident Rejep Taýýip Erdogan Russiýanyň we Ukrainanyň wekiliýetleriniň Stambulda geçirjek gepleşiklerinden ozal beren beýanatynda: "Adalatly parahatçylykda utulanyň bolmajakdygyna ynanýarys. Çaknyşyklaryň uzamagy hiç kimiň peýdasyna däldir" diýdi.

Prezident Erdogan Dolmabahçe ofisinde Russiýanyň we Ukrainanyň wekiliýetleriniň geçirjek gepleşikleriniň açylyşynda çykyş etdi.

Erdogan: "Sebitinde köp kynçylyklara şaýat bolan ýurt hökmünde Gara deňiziň demirgazygynda hem şoňa meňzeş bir kartinanyň ýüze çykmazlygy üçin işledik, tagalla etdik" diýip habar berdi.

Rejep Taýýip Erdogan: "Ähli halkara platformalarda taraplaryň ikisiniň hem hakyny, hukugyny, ileri tutýan ugurlaryny goraýan, goldaýan, gözegçilik edýän adalatly bir pozisiýa eýeledik" diýip mälim etdi.

"Iň gysga wagtda od açmazlyk baradaky ylalaşygyň yglan edilmegi we parahatçylygyň üpjün edilmegi her kimiň peýdasyna bolar" diýip aýdan Prezident Erdogan: "Indi gepleşiklerden anyk netijeleriň alynmaly bir tapgyra girendigimizi pikir edýäris. Gelinen tapgyrda wekiliýetleriň agzalary hökmünde siz taryhy jogapkärçiligi öz üstüňize aldyňyz. Bütin dünýä sizden geljek düşümli we buşlukly habara garaşýar" diýip beýan etdi. 

Erdogan: "Siziň gepleşiklerde ýetjek sepgidiňiz nobatdaky tapgyr bolan liderler derejesindäki gepleşikleriň öňüni açar. Şolar ýaly gepleşiklere hem ýer eýeçiligini etmäge taýardyrys" diýip belledi. 

Prezident R. T. Erdogan bilen Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putiniň arasynda ýekşenbe güni geçirlen telefon söhbetdeşliginde, Russiýa-Ukraina gepleşikleriniň Stambulda dowam etdirilmegi meselesinde ylalaşyk gazanylypdy.

Beýleki tarapdan bolsa Ukrainanyň Daşary işler ministri Dmitro Kuleba ýurdunda metbugata beren beýanatynda: "Türkiýedäki gepleşiklerde iň minimal talabymyz ynsanperwer meseleleriň çözüwi bolar, iň maksimal talabymyz bolsa od açmazlyk baradaky ylalaşygyň yglan edilmegi we onuň dowamynda hemişelik ylalaşygyň gazanylmagy bolar" diýip mälim etdi. 



Degişli Habarlar