Terror Guramasy PKK-nyň 13 Türk Raýatyny Şehit Etmegine Berk Garşylyk Görkezilýär

“ Terror guramasy 13 raýatymyzy wagşylarça öldürdi. Şehitlerimize Alladan rehnet, hossarlaryna we halkymyza duýgudaşlyk bildirýärin”

1583301
Terror Guramasy PKK-nyň  13 Türk Raýatyny Şehit Etmegine Berk Garşylyk Görkezilýär

 

Yragyň demirgazygynda ýerleşýän Gara etrapçasynda “Penje Bürgüt-2” operasiýasy zolagynda ekstremist terror guramasy PKK-nyň gowakda zamun alan asuda ilatdan 13 türk  raýatyny şehit etmegine berk garşylyk görkezilýär.

Prezidentiň orunbasary Fuat Oktaý şehit edilen asuda ilata Alladan rehnet, hossarlaryna sabyr diledi.

Oktaý “Terror dolulygyna ýok edilýänçä ýurduň içinde we serhetaşa operasiýalar egilşiksiz dowam eder” diýdi.

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglu hem Gara etrapçasynda “Penje Bürgüt-2” operasiýasy zolagynda ekstremist terror guramasy PKK-nyň gowakda zamun alan asuda ilatdan 13 raýaty şehit etmegine gynanç bildirdi.

Mewlüt Çawuşoglu Twitterden beren habarnamasynda “Gahryman esgerlerimizden gorkan terror guramasy 13 raýatymyzy wagşylarça öldürdi. Şehitlerimize Alladan rehnet, hossarlaryna we halkymyza duýgudaşlyk bildirýärin” diýdi.



Degişli Habarlar