“Türk Ýokary Bilim Ulgamy Kämil Derejä Ýetdi”

Prezident R.T.Erdogan infrastruktura we adam resurlaryna goýulan maýalaryň netijesinde türk ýokary bilim ulgamynyň kämil derejä ýetendigini beýan etdi

1582486
“Türk Ýokary Bilim Ulgamy Kämil Derejä Ýetdi”

Erdogan Rizede R.T.Erdogan adyndaky uniwersitetiň İnženerçilik we binagarlik fakultetiniň goşmaça binasy blen Çaýeli pedagogik fakultetiniň binasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

R.T.Erdogan: “İnfrastruktura we adam resurslaryna goýan maýa goýumlarymyzyň netijesinde türk ýokary bilim ulgamy kamil derejä ýetdi. Ýokary okuw mekdeplerindäki mugallymlaryň sany 70 müňden 180 müňe ýetdi. Talyp sany taýdan bolsa Ýewropada ýokary bilimiň elýeterliliginde birinji orny eýeledik” diýdi.

Prezident Erdogan: “Enşalla Türkiýe 2023-nji ýyla çenli bolan döwür üçin goýlan maksatlaryna hem ýeter we dünýäniň ukdysady taýdan ösen 10 ýurdunyň hataryna goşular. Ynanmak, işe girişmek üstünligiň ýarysyny emele getirýär. Biz 18 ýylda Respublika taryhynda edilenlerden ençeme esse köp iş etdik” diýdi.



Degişli Habarlar