ABŞ, Terror Guramasy PÝD we ÝPG-ä Goldaw Bermekden El Çekmeli

Kalyn “ABŞ, PÝD we ÝPG-ä goldaw bermekden el çekmeli. FETÖ-niň ABŞ-daky işleri saklanmaly” diýdi

1582170
ABŞ, Terror Guramasy PÝD we ÝPG-ä Goldaw Bermekden El Çekmeli

Prezidentiň Metbugat sekretary Ibrahim Kalyn, ABŞ-nyň terror guramasy PÝD we ÝPG-ä goldaw bermekden el çekmelidigini aýtdy.

TRT Haber kanalynda gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakynda çykyş eden Kalyn, Jo Baýdeniň ýolbaşçylygyndaky hökümetiň,  häkimiýetiň başyna uly wadalar bilen gelendigini we Donald Tramp döwründen soň täze başlangyçlaryň başlajakdygy barada beýannama berendigini nygtady.

Kalyn, geçen hepde Jo Baýdeniň Milli howpsyzlyk boýunça kömekçisi Sulliwan bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigini we düşnüşmezlige sebäp bolan meseleler hakynda pikir alyşandygyny belledi.

ÝPG we PÝD-ä berilýän goldawyň, Fetullahçy teror guramasy FETÖ-niň ABŞ-da öz barlygyny dowam etdirmegine rugsat berilmeginiň Türkiýe taýdan milli howpsyzlyk meselesidigine ünsi çeken Kalyn, Türkiýäniň egilşiksiz tutumy netijesinde Siriýanyň demirgazygynda we başga ýurtlaryň goldaw bermeginde PÝD we ÝPG-nyň gözegçiliginde terror koridorynyň açylmagynyň öňüniň alynandygyny ýatlatdy.

Kalyn “ABŞ, PÝD we ÝPG-ä goldaw bermekden el çekmeli. FETÖ-niň ABŞ-daky işleri saklanmaly” diýdi.

Ibrahim Kalyn, Türkiýe bilen ABŞ-nyň birek-birige sarpa goýmak ýörelgesiniň çäginde meselelerini çözüp biljekdigini aýtdy.



Degişli Habarlar