"Türkiýe dünýäde ulag heläkçiliklerindäki adam ýitgilerini 50 göterim azaldan iki ýurdyň biri"

Erdogan: "Türkiýe dünýäde ulag heläkçiliklerindäki adam ýitgilerini 50 göterim azaldan iki ýurdyň biri" diýip habar berdi

1575962
"Türkiýe dünýäde ulag heläkçiliklerindäki adam ýitgilerini 50 göterim azaldan iki ýurdyň biri"

Prezident Rejep Taýýip Erdogan, Türkiýäniň dünýäde ulag heläkçiliklerindäki adam ýitgilerini 50 göterim azaltmak baradaky maksatnamany tutduran iki ýurdyň biridigini mälim etdi. 

Prezident Erdogan, Beştepe Millet kongres we medeniýet merkezinde geçirilen "2021-2030-nji ýyllar aralygyndaky Gara ýoly Ýol hereketi düzgünleriniň howpsuzlyk strategiýasy resminamasy we Hereket meýilnamasy bilen Ýol hereketi Media ýüzleriniň tanyşdyrylyşy we Ýol hereketi media sylaglary programmasynda" çykyş etdi. 

Prezident Erdogan, çykyşynda bu ýurtda ýaşaýan ähli adamlaryň ýol hereketi howpsuzlygy babatyndaky işlere goldaw bermelidigini beýan etdi. 

Türkiýäniň dünýäde ulag heläkçiliklerindäki adam ýitgilerini 50 göterim azaltmak baradaky maksatnamany tutduran iki ýurdyň biridigini aýdan Prezident Erdogan: "Ýüregimiziň ynjalmasy, kalbymyzyň arkaýyn bolmagy üçin görmek isleýän görkezijilerimiz nol ulag heläkçiligi, nol adam ýitgisi, nol gam-gussadyr" diýip habar berdi. 



Degişli Habarlar