Fahrettin Altun Günbatar ýurtlaryna PKK/HDP bilen bagly çagyryş berdi

Fahrettin Altun, Twitter hasabyndan iňlis dilinde beren beýanatynda, HDP-nyň Esenýurt etrap bölüminiň binasynda geçirilen operasiýada alynan wideony paýlaşdy

1570179
Fahrettin Altun Günbatar ýurtlaryna PKK/HDP bilen bagly çagyryş berdi

Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasynyň başlygy Fahrettin Altun, Günbatar ýurtlaryna ekstremist terror guramasy PKK bilen Halklaryň demokratik partiýasynyň (HDP) resmileri barada ýalan beýanatlar bermegi goý bolsun etmek barada çagyryş erdi.

Fahrettin Altun, ekstremist terror guramasynyň ýolbaşçysy Abdullah Öjalanyň suratlarynyň asylan Halklaryň demokratik partiýasynyň Esenýurt etrap bölüminde alynan wideony paýlaşyp: "Günbatar ýurtlary HDP/PKK bilen bagly ýalan habarlar bermegi goý bolsun etmeli we hakykaty aýtmaly" diýip çagyryş berdi. 

Fahrettin Altun, Twitter hasabyndan iňlis dilinde beren beýanatynda, HDP-nyň Esenýurt etrap bölüminiň binasynda geçirilen operasiýada alynan wideony paýlaşdy. 

Wideonyň Türkiýe, ABŞ we Ýewropa Bileleşigi tarapyndan terror guramasy hökmünde kabul edilen PKK bilen HDP-nyň arasyndaky aragatnaşyga täze bir subutnama goşandygyny aýdan Altun, çagalar bilen birlikde on müňlerçe adamyň, Siriýadaky we beýleki ýerlerdäki şahalary bilen bilelikde PKK terrorynyň gurbany bolandygyny aýan etdi. 

Fahrettin Altun, PKK-nyň ençeme terrorçylykly hüjüm gurandygyny, çagalary ýarag astyna alandygyny we dünýäni şantaž etmek üçin DAIŞ-e agza bolan müňlerçe terrorçyny tussaghanalardan çykarandygyna ünsleri çekip: "Bu hyýanatçylykly hüjümleri ýazgarmagy ret eden HDP-nyň resmileri, kamikaze hüjümçileri bilen birlikde terrorçylary beýgeldýär we PKK-lylar ýaly hereket edýär. Şol sebäpli kürt eneler HDP-nyň Diýarbakyr welaýat binasynyň öňünde protest geçirdiler. Günbatar ýurtlary HDP/PKK bilen bagly ýalan habarlar bermegi goý bolsun etmeli we hakykaty aýtmaly" diýip belledi. 



Degişli Habarlar