Türkiýäniň Daşary işler ministri Russiýada saparda bolýar

Maslahata Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly we Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow ýolbaşçylyk eder

1553881
Türkiýäniň Daşary işler ministri Russiýada saparda bolýar

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Türkiýe-Russiýa Federasiýasy Umumy strategik meýilleşdiriş toparynyň 8-nji maslahatyna gatnaşmak maksady bilen Russiýa gitdi. 

Mewlüt Çawuşogly Twitter hasabyndan beren beýanatydna: "Türkiýe-Russiýa Federasiýasy Umumy strategik meýilleşdiriş toparynyň 8-nji maslahatyna gatnaşmak maksady bilen Soçi şäherine geldik" diýip habar berdi. 

Maslahata Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly we Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow ýolbaşçylyk eder. 

Türkiýäniň Daşary işler ministrliginden ozal berilen beýanatda: " Umumy strategik meýilleşdiriş toparynyň maslahatynda ikitaraplaýyn gatnaşyklar bilen birlikde we halkara meseleler babatynda hem giňişleýin pikir alyşylmagy göz öňünde tutulýar. Maslahatyň ahyrynda Türkiýe Respublikasy bilen Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministrlikleriniň arasynda 2021-2022-nji ýyllary öz içine alýan Geňeşmeler meýilnamasyna gol çekişiler" diýip mälim edilipdi. 



Degişli Habarlar