Çawuşogly we Akar Ukrainanyň Premýer-Ministri Bilen Duşuşdy

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly we Milli goranmak ministri Hulusi Akar Ukrainanyň Premýer-ministri Denis Şmygal bilen duşuşdy

1547928
Çawuşogly we Akar Ukrainanyň Premýer-Ministri Bilen Duşuşdy
akar çavuşoğlu ukrayna1.jpg

Akar we Çawuşygly düýn başlan Ukraina saparynyň çäginde ilkinji nobatda Hökümet binasynda Premýer-ministr Şmygal bilen duşuşdylar.

Daşary işler ministri Çawuşogly Twitter hasabyndan beren habarnamasynda Premýer-mibistr Şmygal bilen netijeli duşuşyk geçirendiklerini nygtap: “Özara söwda mukdarymyz 5 milliard dollara golaýlady, maksadymyz 10 milliard dollar. Erkin söwda ylalaşygy maksada ýetmegi ýeňilleşdirer. Energetikadan goranyş senagatyna hyzmatdaşlygymyz ähli ugurda hasam öser” diýip ýazdy.

Türkiýe bilen Ukrainanyň arasynda 2011-nji ýyldan bäri strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň bardygyny beýan eden Akar bolsa, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ýokary derejededigini nygtady.

İki ýurduň arasyndaky ýokary derejeli duşuşyklaryň ýokary depginde dowam edýändigine ünsi çeken Akar, Prezident R.T.Erdogan bilen Ukrainanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Zelenskiýniň arasyndaky dostlukly gatnaşygyň bardygyny mälim etdi.

Türkiýe bilen Ukrainanyň arasynda goranyş senagatyndaky hyzmatdaşlyga ünsleri çeken Akar, günsaýyn güýçlenýän hyzmatdaşlygyň geljekde hasam ösdürilmeginiň iki ýurt üçin hem bähbitli boljakdygyny nygtady.

 



Degişli Habarlar