Türkiýe täze Nawteks yglan etdi

Türkiýe harby statusda bolmadyk Ortaýer deňizindäki Meis adasy üçin täze Nawteks (Deňizçilere duýduryş) yglan etdi

1547209
Türkiýe täze Nawteks yglan etdi

Gresiýa dartgynlygyň azaldylmagy bilen bagly dialog tagallalaryna garamazdan halkara hukuk we ylalaşyklara ters gelýän ädimlerini etmäge dowam edýär. 

Resmi Afiny, Ortaýer deňizindäki Meis adasynyň harby bolmadyk statusyny bozdy.

Türkiýe bolsa Gresiýanyň Ortaýer deňizindäki öjükdiriji hereketlerine täze Nawteks bilen jogap berdi. 

Adanyň 1947-nji ýyldaky Pariž ylalaşygy bilen kesgitlenen harby bolmadyk statusynyň düzgüniniň bozulandygy mälim edildi. 


Etiketkalar: #Nawteks , #Gresiýa , #Türkiýe

Degişli Habarlar