ABŞ-nyň Sanksiýa Karary Hukuky we Syýasy Taýdan Ýalňyş

Mewlüt Çawuşogly ABŞ-nyň sanksiýa kararynyň hukuky we syýasy taýdan ýalňyş başlangyçdygyny aýtdy

1547080
ABŞ-nyň Sanksiýa Karary Hukuky we Syýasy Taýdan Ýalňyş

 

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly ABŞ-nyň sanksiýa kararynyň hukuky we syýasy taýdan ýalňyş başlangyçdygyny aýtdy

Çawuşogly teleýaýlymlardan birinde gatnaşan gepleşiginde ABŞ-nyň Türkiýä goýan sanksiýasy hakynda beýannama berdi.

Ministr Çawuşogly: “ABŞ-nyň sanksiýa karary hukuky taýdanam, syýasy taýdandam ýalňyş başlangyç. Bir ýurduň kabul eden bir taraply karary. Türkiýäniň ýa-da başga bir ýurduň özygtyýarlylyk hukuklaryna hüjüm etmek” diýdi.

Çawuşogly: “Sanksiýanyň mazmunyna ser salanymyzda bize şeýle agyr zarba urýan sanksiýa däl. Egilşik ediljek bolsady, edilerdi. Sanksiýanyň ýetirjek täsirlerini egindeşlerimiz seljerýär we elbetde şoňa laýyk başlangyçlary ederis” diýdi.

Mewlüt Çawuşogly ABŞ bilen gatnaşyklaryň kadalaşmagy üçin Türkiýäniň isleglerinin kanagatlandyrylmalydygyny hem aýtdy.



Degişli Habarlar