ÝB maslahatynyň beýannamasyna girizilmäge mejbur galynan tarapgöý we bikanun çemeleşmäni ret edýäris

Daşary işler ministrligi: "Ýewropa Bileleşiginiň Liderler maslahatynyň umumy beýannamasyna girizilmäge mejbur galynan tarapgöý we bikanun çemeleşmäni ret edýäris" diýip nygtady

1543811
ÝB maslahatynyň beýannamasyna girizilmäge mejbur galynan tarapgöý we bikanun çemeleşmäni ret edýäris

Daşary işler ministrligi 10-11-nji dekabr aralygynda geçirilen Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlaryň Döwlet we hökümet baştutanlarynyň maslahatyndan soň çap edilen umumy beýannama ýazmaça reaksiýa bildirdi. 

Beýanatda bir-iki ýurdyň dar syýasy hasaplary sebäpli Türkiýe-ÝB gatnaşyklarynda entek položitel güntertip emele getirilmändigi we ÝB-niň hiç hili peýdasy bolmadyk çäklendiriji çäreler görmegiň daşyna çykmandygy aýan edildi. 

Käbir agza ýurtlaryň agzalyk raýdaşlygyny we weto haklaryny hyýanatçylykly peýdalanyp, Türkiýä garşy güntertibe getiren maksimalist talaplarynyň we haksyz pozisiýalarynyň, Türkiýe bilen ÝB-ni bozuk aýlawyň içine salandygy bellendi we "Bu ýagdaý Türkiýäniň we ÝB-niň umumy bähbitleri bilen sebitimiziň parahatçylygyna, howpsuzlygyna we durnuklylygyna zeper ýetirýär" diýip duýduryş berildi. 

"Esasan hem Kipr, Gündogar Ortaýer deňizi, Egeý we sebitleýin meselelerde, ÝB-niň hem uly böleginiň kabul edýändiginden habarymyz bolan, emma raýdaşlyk we weto basyşy bilen 10-njy dekabrda geçirilen "ÝB maslahatynyň umumy beýannamasyna girizilmäge mejbur galynan tarapgöý we bikanun çemeleşmäni ret edýäris" diýip nygtaldy. 

Beýanatda Türkiýäniň sebitdäki durnuklylygyň ýola goýulmagy üçin, Gresiýa bilen öjükdiriji ädimlerine garamazdan, deslapky şertsiz ýagdaýda gepleşiklere başlamaga taýardygyny hemişe belläp geçendigi ýatladylyp: "Türkiýe we DKTR 2004-nji ýyldan bäri, Gündogar Ortaýer deňizindäki uglewodorod çeşmeleriniň bir dartgynlyk däl, eýsem durnuklylyk elementi ýagdaýyna gelmegi üçin hoşniýetli bir ýagdaýda tagalla etdi, ähli konstruktiw we oňyn çemeleşmeleriň tarapyny tutdy" diýip habar berildi. 

ÝB-niň soňky kararynda ýene-de bir gezek Kipr adasynyň deňhukukly eýesi bolan Kipr türk halkyny we ygtyýaryny nazarda tutmandygyna ünsleri çekip: "ÝB özüni Kipr meselesi we Ýapyk Maraş meselelerinde Kipriň Grek böleginiň mejburlygyna höküm edildi. ÝB, mundan beýläk Kipr meselesi boýunça adadaky hakykatlaryň esasynda adalatly, hemişelik we dowamly bir çözgüt tapylmagyna garşy edilýän päsgelçilikli pozisiýasyndan ýüz öwürmelidir. Kiprdäki grekleriň Kiprdäki türkler bilen bir ýere jemlenip Gündogar Ortaýer deňizinde dartgynlyga sebäp bolan uglewodorod çeşmeleriniň we olardan alynýan girdejileriň paýlaşylmagy meselesini ele almaga başlamaklary we çözgüt ugrunda anyk ädimler etmekleri iň netijeli ýoldyr" diýip bellendi. 

Gündogar Ortaýer deňiz boýunça sebitleýin maslahatyň şol ugurdaky bir mümkinçilikdigi ýene-de bir gezek nygtalyp: "Gündogar Ortaýer deňizinde ýurdumyzyň we DKTR-nyň kanuny haklary tutanýerlilik bilen goralmaga dowam ediler" diýip aýan edildi. 

"Gresiýanyň Egeý deňizinde bosgunlary yzyna itmegi we şol aksiýalara Fronteksiň hem goşulmagy, ÝB üçin utandyryjydyr" diýip bellenen beýanatda, ÝB bosgun dolanşygy babatyndaky duýgurlygyny Türkiýä garşy däl, eýsem bosgunlara rehimsiz çemeleşmesini ulgamlaýyn häsýete öwüren, esasan hem Gresiýa görkezmelidigi ýene-de bir gezek ýatladylyp geçildi. 

Türkiýe-ÝB 18-nji mart ylalaşygyny emele getirýän ähli maddalaryň täzelenmelidigi we şonuň bilen baglanşykly işleriň başladylmagynyň gerekdigi bellenip: "Bu şol bir wagtda Ýewropa we onuň daşynda gabat gelýän synaglaryň hötdesinden gelinmeginede peýda getirer. Hemişe belläp geçişimiz ýaly ÝB dogruçyl araçy roluny öz üstüne almaly, ýörelgeli, strategik we sagdyn pikirli hereket etmelidir" diýip beýan edildi. 



Degişli Habarlar